Krossowkalaryň döreýiş we ýaýraýyş taryhy
Ilkinji döwrebap krossowkalaryň ösüşi XIX asyryň ahyrlarynda başlanýar. Şol döwürde Jozef William Foster sport üçin niýetlenen ýörite aýakgaplary taýýarlap başlaýar. XVIII asyryň ahyrlarynda giňden ýaýran «kanwas» diýlip atlandyrylýan kauçuk aýakgaplar bolsa gaty oňaýsyz, gödek hem-de sag we çep aýak üçin aýratyn tapawutlandyrylmazdan öndürilýärdi.
Soňky ýyllarda Amerikan Kauçuk Kompaniýasy matadan we rezinden taýýarlanan has ýeňil hem amatly «Keds» aýakgaplaryny hödürledi. 1917-nji ýylda olaryň köpçülikleýin önümçiligi başlandy. Ýöräniňde az ses çykarýandygy sebäpli, iňlis dilindäki «sneak» — sessiz ýa-da bildirmän ýöremek diýen sözden ugur alnyp, şeýle aýakgaplara «sneakers» diýlip at berildi.
Germaniýada doganlar Adolf we Rudolf Dassler ylgaw sporty üçin ýöriteleşdirilen aýakgap öndürýän zawod döretdiler. Wagtyň geçmegi bilen kompaniýalar sportuň dürli görnüşleri üçin aýratyn modelleri öndürip başladylar. Mysal üçin, tennis üçin niýetlenen ýörite aýakgaplaryň hem aýratyn görnüşleri döredildi.
XX asyryň ortalarynda ýaşlar medeniýetiniň ösmegi we Jeýms Diniň «Sebäpsiz gozgalaň» filmindäki keşbi krossowkalaryň diňe sportda däl, gündelik durmuşda hem giňden ýaýramagyna täsir etdi.
Deri aýakgaplara garanyňda arzan, ýeňil we amatly bolmagy olaryň ýaşlaryň arasynda meşhurlygyny has-da artdyrdy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!