| Ashgabat | 28°C
Sport 16.10.2026, 12:44 3

UEFA-nyň Çempionlar ligasynda taryhy rekord: Umumy tapgyryň ikinji aýlawynda 78 gol geçirildi

UEFA-nyň Çempionlar ligasynda taryhy rekord: Umumy tapgyryň ikinji aýlawynda 78 gol geçirildi

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň ikinji aýlawynda geçirilen oýunlarda girizilen gollaryň sany boýunça ýaryşyň taryhynda täze rekord goýuldy. Meýdança çykan toparlar 18 duşuşygyň dowamynda jemi 78 gezek tapawutlandylar.

13-nji oktýabr güni hem-de 14-nji oktýabra geçilen gije geçirilen duşuşyklar futbol janköýerlerine köp sanly gol sowgat etdi.

Stambul şäherinde myhmançylykda bolan «Barselona» ýerli «Galatasaraýy» 4:1 hasabynda ýeňdi. «Atletiko» öz meýdançasynda «Mançester Ýunaýtedden» 2:0 hasabynda üstün çykan bolsa, «Arsenal» topary «Lille» garşy geçirilen duşuşykda 3:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Mýunheniň «Bawariýa» toparynyň Norwegiýada «Wiking» bilen geçiren duşuşygy bolsa tapgyryň iň garaşylmadyk netijeleriniň biri boldy. Çekeleşikli geçen oýun 3:3 hasabynda deňlikde tamamlandy.

Şeýlelikde, ýaryşyň ilkinji gününde jemi 32 gol geçirildi.

14-nji oktýabr güni hem-de 15-nji oktýabra geçilen gije geçirilen oýunlar bolsa has hem netijeli boldy. Dokuz duşuşykda derwezelere jemi 46 pökgi girizildi.

Tapgyryň esasy duşuşyklarynyň biri Angliýada geçirildi. Şol duşuşykda «Mançester Siti» öz meýdançasynda Parižiň PSŽ toparyny kabul etdi.

Parižliler gysga wagtyň içinde üç gol girizip, üstünligini artdyrdylar we duşuşygy 4:2 hasabynda ýeňiş bilen tamamladylar.

Erling Holandyň iki goly hem «Mançester Sitini» ýeňlişden halas edip bilmedi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!