| Ashgabat | 21°C
Tehnologiýalar 12.10.2026, 12:11 6

Emeli aň müňlerçe çylşyrymly matematiki meseläni çözdi: OpenAI-dan täze ädim

Emeli aň müňlerçe çylşyrymly matematiki meseläni çözdi: OpenAI-dan täze ädim

OpenAI kompaniýasy entek giň köpçülige hödürlenmedik täze emeli aň modeliniň ýüzlerçe çylşyrymly matematiki meseläni üstünlikli çözendigini mälim etdi.

Kompaniýa 6-njy oktýabrda GitHub platformasynda özara baglanyşykly 372 sany matematiki çözgütden we subutnamadan ybarat uly göwrümli toplumy köpçülige ýetirdi. Bu ädim matematika äleminde täze aladalaryň we giň gerimli söhbetdeşlikleriň ýüze çykmagyna getirdi.

Berlen maglumatlara görä, synag döwründe emeli aňa 4000-e golaý çylşyrymly mesele berlipdir.

Kompaniýa ylmy jemgyýetçiligiň öňki nägileliklerini göz öňünde tutup, temalar boýunça degişli çeşmelere salgylanypdyr hem-de emeli aňyň 10 sany meseläni haýsy pikir ýöretme logikasy arkaly çözendigini gysgaça beýan edipdir.

Şeýlelikde, OpenAI öňräk million dollarlyk «Müňýyllygyň meseleleriniň» biri bolan Nawýe–Stoks deňlemeleriniň çözülendigi baradaky beýanatyndan soň dörän şübhelere jogap bermäge çalyşdy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!