Gresiýa 15 ýaşdan kiçi çagalaryň sosial torlary ulanmagyny çäklendirdi
Gresiýanyň kanun çykaryjylary 15 ýaşy dolmadyk çagalaryň we ýetginjekleriň sosial media platformalaryndan peýdalanmagyny çäklendirýän täze kanun taslamasyny kabul etdiler.
ERT teleýaýlymynyň berýän habaryna görä, bu düzgün 2027-nji ýylyň ilkinji gününden başlap resmi taýdan güýje girer.
Resminama mejlise döwlet ministri Akis Skertsos tarapyndan hödürlendi. Parlamentiň dowam eden mejlisinde taslama häkimiýet başyndaky «Täze demokratiýa» partiýasynyň agzalary tarapyndan doly goldanyldy.
Şuňa meňzeş çäklendirmeler häzirki wagtda dünýäniň beýleki döwletlerinde hem işjeň ara alnyp maslahatlaşylýar. Daniýa, Ispaniýa, Türkiýe, Günorta Koreýa we Beýik Britaniýa ýaly ýurtlar hem çagalary internetiň zyýanly täsirlerinden goramagy maksat edinýärler.
Bu döwletleriň maksady meňzeş bolsa-da, her ýurduň girizjek çäklendirme usullary we olaryň möhletleri bir-birinden tapawutlanyp biler.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!