Google klawiaturany eskalatora öwürdi
Google kompaniýasynyň Ýaponiýadaky bölümçesiniň inženerleri düwmeleri aýlanyp durýan eskalator görnüşli Gboard Conveyor Belt Version klawiaturasyny görkezdi.
Bu taslamanyň esasy pikiri — ulanyjyny elini ýa-da barmaklaryny tutuş klawiatura boýunça gezdirmek zerurlygyndan dyndarmakdyr. Şu maksat bilen kompaniýa düwmeleri konweýer lentasynda ýerleşdirmek kararyna geldi.
Google Japan degişme görnüşinde şeýle formatyň bir el ýa-da bir barmak bilen tekst ýazmak üçin örän amatlydygyny, beýleki el bilen bolsa, meselem, çaý içip boljakdygyny belleýär.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!