«Roma» futbol kluby täze stadionynyň gurluşygyna başlaýar
«Roma» futbol kluby Rim şäheriniň Pietralata etrabynda täze stadion gurmaga rugsat aldy.
60,6 müň tomaşaça niýetlenen täze stadionyň gurluşygyny 2029-njy ýyla çenli tamamlamak göz öňünde tutulýar.
Rimiň häkimi Roberto Gualteri gurluşyk üçin rugsadyň alynmagy bilen taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň täze tapgyrynyň başlanýandygyny mälim etdi.
1953-nji ýyldan bäri «Roma» öý oýunlaryny «Olimpiko» stadionynda geçirip gelýär. Rim şäheriniň beýleki bir kluby — «Lazio» hem öý duşuşyklaryny şol stadionda geçirýär.
70,6 müň tomaşaça niýetlenen «Olimpiko» stadiony Italiýanyň Milli Olimpiýa komitetine degişlidir.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!