| Ashgabat | 22°C
Sport 23.10.2026, 15:48 1

Fransuz kluby öz oýun eşiklerinde baýrakly hazyna kartasyny ýerleşdirdi

Fransuz kluby öz oýun eşiklerinde baýrakly hazyna kartasyny ýerleşdirdi

Fransiýanyň «Ruaýan Atlantik» woleýbol topary täze möwsümi diňe bir sport üstünlikleri bilen däl, eýsem janköýerleri üçin taýýarlan özboluşly taslamasy bilen garşylady.

Ýokary diwiziona täze goşulan klub özüniň «Garakçylar» diýen lakamyna we nyşanyna bagyşlap, «Garakçylaryň syry» diýlip atlandyrylan uly gözleg oýnuny yglan etdi.

Bu çäräniň çäginde toparyň gara-sary reňkli täze dizaýnly köýnekçeleri hakyky hazyna kartasyna öwrüldi.

Köýnekçäniň öň we arka taraplarynda dürli sanlar, sözler hem-de gizlin şekiller ýerleşdirilip, olar Fransiýanyň bir ýerinde gömlen taryhy heýkeljigi tapmaga mümkinçilik berýän yşaratlary özünde jemleýär.

Gizlenen heýkeljigi ilkinji bolup tapan we ony tapmakda ulanan logiki pikir ýöretmelerini dogry düşündiren gatnaşyjy 10 000 ýewro möçberindäki baş baýraga eýe bolar.

Gözlenýän baş baýrak Deňizýaka Şarant welaýatynyň Arheologiýa we taryh jemgyýeti bilen bilelikde ýörite şu çäre üçin taýýarlanyldy.

Iň gyzykly ýeri bolsa, hazynany gözlemek üçin bellenen ýere dessine gitmek hökman däl.

Gatnaşyjylar köýnekçedäki ähli çylşyrymly yşaratlary öýde, maşgala agzalary ýa-da dostlary bilen bilelikde rahat ýagdaýda seljerip bilerler.

Diňe soňky tapgyrda, kartadaky takyk koordinatalar we ýer anyklanandan soň, Fransiýa syýahat etmek zerur bolar.

Köýnekçeleriň eýelerine gowşurylyp başlanmagy we gözleg taslamasynyň resmi taýdan badalga almagy 2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň ahyryna hem-de noýabr aýynyň başyna meýilleşdirilýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!