Tokioda ýagan ýagyş 140 ýyllyk rekordy täzeledi
Ýaponiýanyň paýtagty Tokionyň merkezi böleginde eýýäm 35 gün yzyny üzmän ýagyş ýagýar.
Ýaponiýanyň Meteorologiýa gullugynyň maglumatlarynda öňki rekordyň 33 gün bolup, 2019-njy ýylyň 27-nji iýunyndan 29-njy iýulyna çenli dowam edendigi aýdylýar.
Tokionyň merkezi bölegindäki howa gözegçilikleri Tioda etrabyndaky Kitanomaru seýilgähinde ýerleşýän meteorologiýa stansiýasynda geçirilýär.
Sentýabryň başyndan şu hepdäniň başyna çenli Tokionyň merkezinde 629 millimetr ygal düşdi. Bu adaty aýlyk görkezijiden, takmynan, üç esse köp.
Şeýle hem bu görkeziji 1958-nji ýylyň sentýabryndaky rekord 670,9 millimetre golaýdyr.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!