Benzinli ulaglaryň paýy dünýä bazarynda pese düşdi
Benzinli ulaglaryň dünýä bazaryndaky paýy ilkinji gezek 50%-den aşak düşdi. 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda içinden ýandyrylýan hereketlendirijisi bolan benzinli ulaglaryň global bazardaky paýy 49% boldy.
Birinji ýarym ýyllykda dünýäde şeýle ulaglaryň 20,25 milliony satyldy. Bu 2025-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10% azdyr.
Deňeşdirip aýtsak, 2021-nji ýylda olaryň paýy 73 göterimdi.
Munuň esasy sebäpleriniň biri Pars aýlagyndaky çökgünlik bolup, ol benzin bahalarynyň birden galmagyna getirdi. Şol bir wagtyň özünde alternatiw hereketlendirijili ulaglara bolan isleg hem artýar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!