«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy B. Amanowyň çykyşy «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly XXXI halkara maslahatynda
Hormatly hanymlar we jenaplar!
Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar!
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan uglewodorodlaryň uly gorlaryna eýedir. Açylan känler nebitgaz senagatynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin möhüm ähmiýete eýedir. Olary özleşdirmek geologik, tehnologik we ykdysady meseleleriň toplumlaýyn çözülmegi bilen baglydyr. Şunda geologiýa-geofiziki usullar aýratyn orun eýeleýär, sebäbi olar geologik kesimiň ähli bölegini gönüden-göni açmazdan, ýerasty gatlaklaryň gurluşy, önümli gatlaklaryň häsiýetleri we känleriň ýagdaýy barada maglumat almaga mümkinçilik berýär.
Korporasiýamyzyň hünärmenleriniň pikirine görä, känleri mundan beýläk-de özleşdirmek geologik modeli yzygiderli takyklamaga, önümli gatlaklaryň özleşdirilişine gözegçilik etmäge hem-de gözleg, özleşdiriş tapgyrlarynda we häzirki wagtda ulanylýan guýular fondunyň işiniň dowamynda alynýan maglumatlardan mümkin boldugyça netijeli peýdalanmaga esaslanmalydyr.
Ilki bilen, geofiziki goldawyň esasy wezipesiniň känleriň geologik gurluşyny has jikme-jik öwrenmekden ybaratdygyny bellemek gerek. Öň alnan maglumatlaryň uly möçberiniň bardygyna garamazdan, känlerde önümli gatlaklaryň gurluşy ýeterlik derejede jikme-jik öwrenilmedik ýerler bolup biler.
Bu meseläni çözmegiň esasy usullarynyň biri seýsmiki barlaglardyr. Häzirki zaman 3D seýsmiki barlaglary geologik kesimiň göwrümli şekilini almaga we känleriň gurluş modeliniň takyklygyny ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Geljekde gaýtadan geçirilýän ýa-da monitoring seýsmiki barlaglary aýratyn ähmiýete eýe bolup biler. Özleşdirmegiň dürli tapgyrlarynda alnan seýsmiki maglumatlary deňeşdirmek gazyň çykarylmagy we gatlak basyşynyň üýtgemegi bilen bagly önümli gatlaklardaky üýtgeşmeleri yzarlamaga mümkinçilik berip biler.
Seýsmiki maglumatlary gaýtadan işlemegiň we düşündirmegiň hilini ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermek zerurdyr. Uly we çylşyrymly gurluşly känler üçin diňe seýsmiki kub almak ýeterlik däldir. Ondan mümkin boldugyça köp geologik maglumat çykarmak möhümdir.
Munuň üçin atributlaýyn seljerme, seýsmiki maglumatlaryň inwersiýasy, tizlik modellerini gurmak we beýleki häzirki zaman usullary ulanylyp bilner. Olaryň toplumlaýyn ulanylmagy ýönekeý gurluş düşündirişinden dag jynslarynyň häsiýetlerini has jikme-jik bahalandyrmaga geçmäge mümkinçilik berýär.
Şeýle hem seýsmiki we guýy maglumatlaryny toplumlaýyn utgaşdyrmak iň möhüm ugurlaryň biridir. Buraw işleri wagtynda alynýan maglumatlar seýsmiki barlaglaryň netijeleri bilen yzygiderli deňeşdirilmelidir. Guýularda geçirilýän geofiziki barlaglar önümli gatlaklaryň netijeliligini bahalandyrmak üçin gönüden-göni ähmiýeti bolan birnäçe fiziki häsiýetleri kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde guýynyň golaýyndaky giňişlikde geologik kesimi öwrenmäge mümkinçilik berýän karotaž aýratyn orun eýeleýär.
Indiki möhüm ugur — käniň özleşdirilişine geofiziki gözegçilik etmekdir. Guýy ulanyşa girizilenden soň geologik model üýtgewsiz galmaly däldir, önümli obýektleriň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik zerurdyr.
Häzirki zaman üç ölçegli geologik modeli ulanmak geljegi uly zolaklary kesgitlemäge, döwükleriň ýerleşişini takyklamaga we iň amatly kollektor häsiýetlerine eýe bolan ýerleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Netijede, buraw işleri wagtynda geologik töwekgelçilikleri azaltmak we gazyň senagat möçberindäki akymyny almak ähtimallygyny ýokarlandyrmak bolýar.
Senagat we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek wezipesi hem örän möhümdir. Geofiziki monitoring ýerasty gatlaklaryň ýagdaýyna gözegçilik etmek we bolup biljek howply üýtgeşmeleri öz wagtynda ýüze çykarmak üçin ulanylyp bilner.
Känleri mundan beýläk-de özleşdirmek toplanan tejribäni häzirki zaman geofiziki tehnologiýalar bilen utgaşdyrmagy talap edýär. Hut toplumlaýyn çemeleşme has esaslandyrylan çözgütleri kabul etmäge we serişde mümkinçiliklerinden mümkin boldugyça netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berer. Şonuň üçin geofiziki goldawy mundan beýläk-de ösdürmek känleri netijeli we howpsuz özleşdirmegiň esasy bölekleriniň birine öwrülmelidir.
Nebiti we gazy gözlemek boýunça giň gerimli işler bilen bir hatarda, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy beýleki görnüşli mineral çig mallaryň bar bolan mineral-çig mal binýadyny doldurmak, hususan-da gaty peýdaly magdanlaryň känlerini gözlemek we barlamak boýunça hem geologik işleri işjeň alyp barýar.
Häzirki wagtda Gyzylgaýa meýdançasynda reňkli metallary gözlemek boýunça geologiýa-gözleg işleri dowam etdirilýär. Dünýäde seýrek ýer elementlerine bolan gyzyklanmanyň artmagy bilen baglylykda, Korporasiýa bu ugurda hem geologiýa-gözleg işlerini geçirýär.
Bu işleri amala aşyrmak üçin Korporasiýa täze enjamlar, häzirki zaman zynjyrly buraw desgalary bilen üpjün edildi. Olar ykjamlygy bilen tapawutlanýar, ýapgyt burawlamaga mümkinçilik berýär, barlag çuňlugy 1500 metre çenli ýetýär, şeýle hem buraw guralyny her gezek ýokaryk galdyrmazdan we aşak goýbermezden kern almaga mümkinçilik berýär we beýleki artykmaçlyklara eýedir.
Hormatly hanymlar we jenaplar!
Öz işiniň çäklerinde Korporasiýa Türkmenistan çäginde geologiýa, peýdaly magdanlary gözlemek we barlamak, şeýle hem häzirki zaman innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça gyzyklanýan taraplar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen bilelikdäki işleri amala aşyrmaga taýýardyr.
Çykyşymy jemläp, bu halkara maslahatyň ozal ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmäge, şeýle hem täze özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berjekdigine umyt bildirýärin.
Ähliňize üstünlikli iş arzuw edýärin.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!