Ýurdumyzyň wekiliýeti Jenaýatçylygyň öňüni almak we adyl kazyýetlilik boýunça BMG-niň 15-nji kongresine gatnaşdy
Abu-Dabide Jenaýatçylygyň öňüni almak we adyl kazyýetlilik boýunça BMG-niň 15-nji kongresi geçirildi. Bu forum dünýäniň onlarça ýurdynyň wekillerini, şol sanda 32-den gowrak adalat we içeri işler ministrini bir ýere jemledi.
Kongrese Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.
Ýokary derejeli bölümde çykyş eden wekiliýetiň ýolbaşçysy Kongresi gurandyklary üçin BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligine (UNODC) we emirlik tarapyna minnetdarlyk bildirdi hem-de milli syýasatyň kanunyň hökmürowanlygyna we jenaýatçylygyň öňüni almagyň ileri tutulmagyna esaslanýandygyny belledi.
Kongresiň esasy netijesi geljekki bäş ýyl üçin bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän Abu-Dabi Jarnamasynyň kabul edilmegi boldy.
Resminama guramaçylykly jenaýatçylyga we kiberjenaýatçylyga garşy göreşi, emeli aňyň jogapkärli ulanylmagyny, ejir çekenleriň goralmagyny, emläkleriň yzyna gaýtarylmagyny we korrupsiýa garşy göreşi öz içine alýar.
Jarnamany durmuşa geçirmek üçin «Pledge4Justice» başlangyjy ýola goýuldy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!