iPhone 18 Pro-nyň reňki solmaga başlady
Apple kompaniýasynyň täze iPhone 18 Pro modellerini satyn alan ulanyjylar enjamlaryň daşky korpusynyň reňkiniň üýtgeýändigi barada arza-şikaýat edip başladylar.
Aýratyn-da täze goýy gyrmyzy hem-de gara reňkli smartfonlarda reňkiň solup, açyk gyzyl ýa-da reňksiz görnüşe geçýändigi bellenilýär.
Hünärmenleriň çaklamasyna görä, bu ýagdaý alýumin korpusy reňklemek üçin geçirilýän anodlaşdyrma işiniň hili bilen bagly bolup biler. Ýagny gorag gatlagy ýeterlik derejede berk bolmasa, adamyň derisindäki ýaglar we der onuň bilen täsirleşip, wagtyň geçmegi bilen reňki bozup biler.
Görnüşine görä, bu Apple üçin ilkinji şeýle ýagdaý däl — 2025-nji ýylda hem mämişi reňkli iPhone 17 Pro telefonlarynyň käbirinde reňkiň gülgüne öwrülmegi bellenilipdi. Emma şol wagt bu mesele giň gerime eýe bolmandy.
Häzirki wagtda Apple tarapyndan bu barada resmi düşündiriş berilmedi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!