| Ashgabat | 26°C
Medeniýet 19.10.2026, 15:16 4

Almanyň içinden çykan göwher sergide

Almanyň içinden çykan göwher sergide

Fransiýada ýüz ýyldan bäri görünmedik, taryhy wakalara baý bolan seýrek duş gelýän gülgüne göwher täzeden köpçüligiň dykgatyna hödürlendi.

«Grand Condé» diýlip bilinýän, 9,01 karat agramyndaky bu armyt şekilli gymmatbaha daş iň soňky gezek 1926-njy ýylyň oktýabr aýynda sergilenipdi.

Parižiň golaýyndaky meşhur Şantilýi galasyndan gijeki hüjüm wagtynda ogurlanan bu göwher taryhyň iň geň talaňçylyk wakalarynyň birine öwrüldi.

Fransuz rewolýusiýasyndan sag-aman çykan seýrek şa gymmatlyklarynyň biri bolan daşy ogurlan tejribesiz ogrular ony adaty bir almanyň içinde gizläpdirler.

Ogurlananyndan birnäçe hepde soň, ogrularyň düşlän myhmanhanasyndaky hyzmatçy aýal ajygyp, otagda duran almany dişlän mahaly onuň içindäki göwheri tapypdyr.

Şeýlelikde, bu gymmatbaha daş garaşylmadyk ýagdaýda ýerine gowşurylypdyr.

Sergä gelenler diňe bir göwheri däl, eýsem onuň taryhy, barlag netijeleri we ozal hiç ýerde çap edilmedik arhiw resminamalary bilen hem ýakyndan tanşyp bilerler.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!