BMW täze 3 Series sedanyny hödürledi
BMW kompaniýasy benzin hereketlendirijili täze nesil 3 Series sedanyny görkezdi. Model nusgawy gurluşyny saklap galdy, ýöne dizaýny mese-mälim üýtgedi.
Şeýle-de awtoulagda i3 elektrosedanynda ulanylýan sanly tehnologiýalar ornaşdyryldy. 3 Series-iň sekizinji nesli döwrebaplaşdyrylan CLAR platformasynda döredildi. i3 bolsa, ondan tapawutlykda, täze Neue Klasse arhitekturasyna esaslanýar.
Daşky görnüşi boýunça benzinli görnüş elektrikli modele örän meňzeýär. Tapawut esasan kuzowyň ölçeglerinde, öňki bamperiň we howa ýygnaýjylarynyň dizaýnynda göze ilýär.
ABŞ we Ýewropa bazarlary üçin hereketlendirijileriň görnüşleri biri-birinden tapawutlanar. Mysal üçin, Demirgazyk Amerikada satuwlar başlananda 330, 330 xDrive we M350 xDrive görnüşleri hödürlener.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!