BMW önümçilik meýilnamasyny täzeleýär
BMW konserni dürli sebit bazarlarynyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, model hataryny täzelemegi meýilleşdirýär.
Hususan-da, kompaniýa Demirgazyk Amerika üçin iň uly krossowerini döreder. Täze ýolsuzluk awtoulagy häzirki BMW X7 modelinden hem ulurak bolar.
Kompaniýanyň bellemegine görä, Demirgazyk Amerikada premium krossowerlere bolan isleg ýokary bolmagynda galýar. Şol sebäpli BMW-niň Spartanburgdaky zawody doly kuwwatynda işleýär. Täze model ABŞ bazarynyň isleglerine mümkin boldugyça laýyk getiriler.
Ýewropa bazary üçin bolsa kompaniýa Neue Klasse platformasyndaky iň elýeterli elektrik awtoulagyny taýýarlamagy meýilleşdirýär.
Käbir maglumatlara görä, täze model häzirki 1 Series-iň ornuny tutup biler. Başga bir çaklama boýunça bolsa, ol içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglar bilen bir hatarda öndüriler.
Modeli 2028-nji ýylda çykarmak meýilleşdirilýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!