BMW täze X3 M50 xDrive krossowerini täzeledi
BMW täzelenen X3 krossowerini hödürledi. Kompaniýa onuň iň kuwwatly M50 xDrive görnüşiniň tehniki aýratynlyklaryny ýokarlandyrdy we täze nesil X3 M-iň doly derejeli modifikasiýasyny çykarmakdan ýüz öwürdi.
Esasy täzelik güýç ulgamynyň kuwwatynyň artdyrylmagy bilen baglanyşyklydyr. Gibrid ulgam bilen bilelikde işleýän 3,0 litrlik turbohereketlendirijiniň kuwwaty indi 443 at güýjüne deň boldy.
Bu öňküsinden 45 at güýji köp bolup, M3 sedanynyň görkezijilerine deňeçerdir. Awtoulag 100 km/sag tizlige 4,4 sekuntda ýetýär.
Şeýlelikde, ol öňki modelden 0,2 sekunt çaltlaşyp, ozalky X3 M Competition-dan bary-ýogy az-kem yza galýar.
Hereketlendiriji indi berk «Euro 7» ekologik kadalaryna doly laýyk getirildi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!