| Ashgabat | 21°C
Dünýaden 24.10.2026, 13:31 1

92 ýaşynda ilkinji gezek baba bolan amerikalydan täze dünýä rekordy

92 ýaşynda ilkinji gezek baba bolan amerikalydan täze dünýä rekordy

Massaçusets ştatynyň Gardner şäherinde uly katolik maşgalasynda önüp-ösen Normand Tusinýan dünýäde iň uly ýaşly täze baba hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol 92 ýaşap 24 gün geçenden soň, ömründe ilkinji gezek agtykly boldy.

Normandyň ýeke-täk agtygy Medison 2022-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda dünýä indi. Gyzy Kerriniň aýtmagyna görä, bu şatlykly waka kakasyna täzeden durmuş hyjuwyny berdi.

Mundan öňki rekord bolsa 91 ýaş 209 günlükkä ilkinji gezek baba bolan awstraliýaly Çarlz Smite degişlidi.

Normand 17 çagaly maşgalada önüp-ösen hem bolsa, doganlarynyň ir aradan çykmagy sebäpli ene-atasynyň ýeke-täk diri galan çagasy bolupdyr. Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda onuň 56 sany ýegeni bar.

Ömrüniň agramly bölegini kliniki psiholog hökmünde geçiren Normand boş wagtlarynda kitap okamagy, tapmaça çözmegi, konsertlere we muzeý sergilerine gitmegi halaýar.

Ol «The Washington Post» gazetinde köp ýyllap redaktor we habarçy bolup işlän Meri Luiza bilen 1985-nji ýylyň 14-nji fewralynda durmuş gurdy. Ara bäş ýyl düşüp, olaryň gyzy Kerri dünýä indi. Şol wagt Normand 60 ýaşyna golaýlan bolsa, aýaly 40 ýaşyndady.

Pensiýa çykandan soň Normand gyzynyň terbiýesi bilen özi ýakyndan meşgullandy. Şol döwürlerde kakalaryň çaga seretmegi seýrek duş gelýän ýagdaý bolsa-da, ol gyzy bilen bilelikde baýramçylyk dabaralaryna ýygy-ýygydan giderdi.

Häzirki wagtda Normand bilen Meri Luiza garyndaşlaryna ýakyn bolmak üçin Wirjiniýa ştatyndan Demirgazyk Karolina ştatynyň Şarlott şäherine göçüp geçdiler we şol ýerde ýaşaýarlar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!