| Ashgabat | 25°C
Gyzykly maglumat 13.10.2026, 13:10 4

Siz tawus kepderileri barada bilýärdiňizmi?!

Siz tawus kepderileri barada bilýärdiňizmi?!

Dünýäniň iň gadymy guş tohumlarynyň biri tawus kepderileridir. Özüniň täsin keşbi we asuda häsiýeti bilen beýleki guşlardan tapawutlanýan bu kepderiler müňýyllyklaryň dowamynda adamlaryň söýgüsini gazanyp gelýär.

Taryhy maglumatlara görä, bu nepis guşlaryň gelip çykan ýeri Gadymy Hindistan diýlip hasaplanýar. Ol döwürlerde tawus kepderileri hindi şalarynyň we begleriniň galalarynda bezeg guşy hökmünde saklanypdyr. Wagtyň geçmegi bilen olar ilki Beýik Britaniýa, soňra bolsa bütin Ýewropa ýaýrapdyr. Germaniýadan we Gollandiýadan getirilen guşlar bu tohumyň kämilleşmeginde uly orun eýeläpdir.

XX asyryň birinji ýarymynda olaryň Russiýa getirilmegi bilen, alymlar we guşşynaslar kepderileriň şetdaly ýaly açylýan kaşaň guýruklaryny has-da ösdürmäge üns beripdirler.

Tawus kepderileri yssy we sowuk howa şertlerine ortaça çydamly bolup, olary köpeltmekde esasy üns daşky görnüşiniň gözelligine berilýär. Häzirki wagtda tawus kepderileriniň halkara derejesinde kabul edilen 3 esasy standarty bar: Rus, Amerikan we Wenger görnüşleri.

Dürli reňklerde duş gelýändigine garamazdan, olaryň arasynda iň köp söýülýäni ap-ak reňkli kepderilerdir.

Bu guşlary saklamak üçin tor bilen gurşalan giň ýerler zerurdyr. Olaryň oňat köpelmegi we rahat ýaşamagy üçin her bir jübüt kepdere azyndan 1 m³ meýdan bölünip berilmelidir.

Özüne çekiji görnüşi we bezeg aýratynlygy bilen tawus kepderileri guş söýüjiler üçin hakyky bezeg bolup hyzmat edýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!