| Ashgabat | 28°C
Dünýaden 01.10.2026, 14:38 2

ABŞ-da bahasy $1 milliarddan geçýän 96 startapy hindistanly migrantlar esaslandyrdy

ABŞ-da bahasy $1 milliarddan geçýän 96 startapy hindistanly migrantlar esaslandyrdy

Amerikanyň Milli syýasat gaznasy (NFAP) ABŞ-da hususy eýeçilikdäki, bahasy 1 milliard dollardan geçýän 775 kompaniýany öwrendi.

Netijede, olaryň 455-siniň, ýagny umumy sanynyň 59 göteriminiň migrantlar tarapyndan esaslandyrylandygy anyklanyldy.

ABŞ-daky şeýle hususy startaplaryň 96-synyň esaslandyryjylary ýa-da bilelikdäki esaslandyryjylary Hindistanda doglan adamlardyr. Bu görkeziji beýleki ýurtlaryň wekilleriniňkiden has ýokary.

Ikinji orunda Ysraýyl bolup, onuň paýyna 60 kompaniýa düşýär. Ondan soňra Beýik Britaniýa — 47, Hytaý — 41 we Kanada — 30 kompaniýa tertibinde ýerleşýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!