| Ashgabat | 26°C
Bildiriş 30.09.2026, 12:36 5

Siz 1991 — 2008-nji ýyllar aralygynda doglan we rus dili bilen gyzyklanýarsyňyzmy? Aşgabatdaky Rus öýi çeper okaýjylaryň «Добрый сказ» VIII Halkara bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.

Siz 1991 — 2008-nji ýyllar aralygynda doglan we rus dili bilen gyzyklanýarsyňyzmy? Aşgabatdaky Rus öýi çeper okaýjylaryň «Добрый сказ» VIII Halkara bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.

Bäsleşik II tapgyrda geçiriler

Bäsleşik II tapgyrda geçiriler. Professionallar, ýagny ýöriteleşdirilen teatr bilimi bolan ýa-da şeýle ugurda bilim alýan gatnaşyjylar üçin we höwesjeňler, ýagny teatr studiýalarynda we gurnaklarynda tälim alýanlar üçin niýetlenendir.

Bellige alyş we döredijilik işlerini tabşyrmak 9-njy oktýabra çenli dowam eder.

Gatnaşmak isleýänler şu https://forms.yandex.ru/u/6a8576d8d046884bb76ba73f/ salgy boýunça bellige alynmaly hem-de rus dilindäki bir eseri çeper okap, dowamlylygy 5 minuta çenli bolan wideoroligi taýýarlamalydyrlar.

Has giňişleýin maglumatlary «Anyk habar» internet saýtymyzdan görüp bilersiňiz.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!