| Ashgabat | 24°C
Syýasat 08.09.2026, 18:57 6

Awazadaky halkara sammitlere taýýarlyk işleri görülýär

Awazadaky halkara sammitlere taýýarlyk işleri görülýär

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretarynyň orunbasary Denis Trefilowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen özara hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde şu ýylyň oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere taýýarlyk görmek meselelerine aýratyn üns berildi. Taraplar degişli çäreleriň geçirilmegine taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk meselelerini we özara hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça, Türkmenistanyň DIM-nde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek mejlislerine taýýarlyk meselelerini ylalaşmak boýunça Teswirnama gol çekmek dabarasy geçirildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!