Windows 11-de maglumatlary doly ýok etmek funksiýasy peýda bolar
Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulgamynyň dikeltmek mümkinçiliklerini giňeltdi. Häzir synagdan geçirilýän Cloud Rebuild mehanizmine ulgamy täzeden gurnamazdan öň maglumat saklaýjylardaky maglumatlary howpsuz ýagdaýda doly ýok etmek funksiýasy goşuldy.
Ýörite programma üpjünçiligi arkaly maglumatlary gaýtadan dikeltmäge mümkinçiligi bolan adaty formatlaýyşdan tapawutlylykda, täze usul maglumat saklaýjynyň öz enjam buýruklaryndan peýdalanyp, ondaky maglumatlary doly ýok edýär.
Cloud Rebuild arassalama tamamlanandan soň, Windows Update-iň üsti bilen operasion ulgamyň arassa nusgasyny we zerur draýwerleri awtomatik ýagdaýda göçürip alýar.
Munuň üçin gurnama saklaýjysyna zerurlyk bolmaýar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!