| Ashgabat | 26°C
Jemgyýet 02.09.2026, 17:49 4

Türkmenistanda iri şahly mallaryň baş sany artdyrylar

Türkmenistanda iri şahly mallaryň baş sany artdyrylar

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Döwlet maldarçylyk we guşçulyk senagaty birleşigi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasynda bilelikdäki taslamany durmuşa geçirmäge başlamak boýunça resminama gol çekmek dabarasy geçirildi.

Bu dabara «Iri şahly mallary tohumçylyk taýdan köpeltmek we emeli tohumlandyrmak boýunça hyzmatlary kämilleşdirmek» atly taslamanyň durmuşa geçirilip başlanmagyna bagyşlandy.

Bu taslamanyň çäklerinde tohumçylyk maldarçylygy babatda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, şeýle hem emeli tohumlandyryş boýunça hünärmenleriň we degişli barlaghanalaryň tehniki mümkinçiliklerini pugtalandyrmak, olary ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün etmek boýunça işler göz öňünde tutulýar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!