| Ashgabat | 31°C
Jemgyýet 24.09.2026, 14:23 1

Ýurdumyzda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda kanun kabul edildi

Ýurdumyzda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda kanun kabul edildi

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Kanuna gol çekdi.

Bu kanun türkmen halkynyň milli gymmatlygy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedew atlarynyň goragynyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär.

Kanunda bellenilişi ýaly, onuň esasy maksatlary müňýyllyklaryň dowamynda türkmen halkynyň taryhy-medeni durmuşynda hem-de häzirki döwürde döwlet derejesinde uly ähmiýete eýe bolan arassa ganly ahalteke bedew atlaryny we olaryň genofonduny gorap saklamak, baş sanyny artdyrmak, ahalteke atçylyk sungatyny we atlary bezemek däplerini gorap saklamak, ahalteke bedew atlary barada golýazmalary we beýleki ýazuw çeşmelerini toplamak, olary aýawly saklamak hem-de ylmy esasda öwrenmekden ybaratdyr.

Kanun şeýle hem ahalteke bedew atlary bilen bagly ylmy gözlegleri we barlaglary ösdürmegi, ahalteke bedew atlaryna bagyşlanan ylmy we ylmy-köpçülikleýin eserleri, makalalary neşir etmegi, terjime etmegi, ahalteke bedew atlaryna bagyşlanan spektakllaryň, kino, aýdym-saz, çeper halk döredijilik eserleriniň, wideoşekilleriň, telefilmleriň, teleradiogepleşikleriň döredilmegini üpjün etmegi, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegi göz öňünde tutýar.

Ýeri gelende bellesek, Kanun gol çekilen pursadyndan güýje girdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!