| Ashgabat | 26°C
Jemgyýet 09.09.2026, 12:35 5

Şu gün ýurdumyzda pagta ýygymyna girişildi

Şu gün ýurdumyzda pagta ýygymyna girişildi

Şu ýyl ýurdumyz boýunça 580 müň gektar meýdana gowaça ekildi. Şol ýetişdirilen hasyly wagtynda ýygnap, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna 1 million 400 müň tonna ak pagtany sowgat etmek maksat edinilýär.

Her bir harmanhanada ýangyn howpsuzlygy boýunça ýörite okuwlar geçirilip, bölümler zerur serişdeler bilen üpjün edildi. Pagta daşaýan tehnikalar hem doly gözden geçirildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!