| Ashgabat | 29°C
Bilim 11.09.2026, 12:23 4

Ýurdumyzda “Inžener-tehniki bilim kämilleşmek ýolunda” atly ylmy makalalar ýygyndysy neşir edildi

Ýurdumyzda “Inžener-tehniki bilim kämilleşmek ýolunda” atly ylmy makalalar ýygyndysy neşir edildi

Ýurdumyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly senesi mynasybetli Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti tarapyndan taýýarlanan “Inžener-tehniki bilim kämilleşmek ýolunda” atly uly göwrümli ylmy makalalar ýygyndysynyň neşir edilmegi hem ýurdimiziň ylmy jemgyýetçiligi üçin möhüm wakalaryň biridir.

Bu makalalar ýygyndysynda uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň, alymlarynyň, aspirantlarynyň, ylmy derejä dalaşgärleriniň, şeýle hem hyzmatdaş daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň ylmy-barlag we taslama işleriniň netijeleri giňişleýin beýan edilýär.

Neşirde öňe sürülýän ylmy garaýyşlar we amaly teklipler nebitgaz, energetika hem-de himiýa senagatynyň önümçilik mümkinçiliklerini kämilleşdirmäge, döwrebap tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga we ykdysady taýdan netijeli çözgütleri işläp taýýarlamaga gönükdirilen.

Ýygyndynyň esasy maksady inžener-tehniki bilimiň we ylmy-barlag işleriniň häzirki zaman ugurlaryny giňden beýan etmek, nebitgaz, energetika we himiýa pudaklarynda täze tehnologiýalaryň ylmy esaslaryny öwrenmäge hem-de ylmy bilimleriň ýaýbaňlandyrylmagyna ýardam bermekden ybaratdyr.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!