Paýtagtymyzda Türkiýäniň Ýeňiş gününiň 104 ýyllygy bellenildi
Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Ýeňiş gününiň 104 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi. Çäräni Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň harby attaşesi açyp, ýygnanan myhmanlara gutlag sözi bilen ýüzlendi.
Soňra Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebeji myhmanlaryň öňünde çykyş etdi. Dabarada türkmen tarapyna wekilçilik eden Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow hem çykyş etdi.
Ol türkmen-türk gatnaşyklary barada giňişleýin durup geçip, olary köpugurly we strategik häsiýete eýe gatnaşyklar hökmünde häsiýetlendirdi.
Kabul edişlige Türkmenistanda akkreditirlenen ilçihanalaryň diplomatlary we daşary ýurt wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň resmi bölegi tamamlanandan soň, myhmanlar üçin agşamlyk nahary guraldy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!