Sibirde Ýekeşahy jandarynyň galyndylary tapyldy
Tomsk döwlet uniwersitetiniň paleontologiýa muzeýi elasmoteriniň bölekleýin ystyhanyndan ybarat ajaýyp eksponaty kabul etdi.
Mundan ozal Günbatar Sibirde we Gazagystanda bu gadymy haýwanyň diňe ýek-tük süňkleri tapylýardy.
Elasmoteriý (Elasmotherium sibiricum) Ýewraziýanyň çäginde ýaşan gadymy kerkleriň ýitip giden görnüşidir. Bu haýwanlaryň göwresi örän uly, bedenleri-de juda berk bolupdyr.
Olary maňlaýyndaky uly şahy sebäpli, köplenç, «Sibir ýekeşahlary» diýip atlandyrýarlar.
Çaklamalara görä, olar şahyny goranmak we güýç görkezmek üçin ulanypdyr.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!