UNFPA-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynda konsultatiw seminar geçirildi
BMG-niň Aşgabat şäherindäki binasynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Işçi toparynyň agzalary bilen konsultatiw seminar geçirildi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy we Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan bilelikde guralan çäre Aýallar barada kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky Komitetiň (CEDAW) maslahatlaryna laýyklykda zenanlaryň ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça Wagtlaýyn ýörite çäreleri hem-de Milli mehanizmi ulanmak meselelerinde halkara tejribesini öwrenmäge bagyşlandy.
Bu seminar hökümetiň adam hukuklary babatyndaky halkara borçnamalaryny amaly taýdan durmuşa geçirmek boýunça ulgamlaýyn işini we yzygiderli tagallalaryny görkezýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!