| Ashgabat | 24°C
Dünýaden 29.09.2026, 20:25 1

Nýu-Ýorkda «Godzilla: Minus nol» filminiň dünýä premýerasy boldy

Nýu-Ýorkda «Godzilla: Minus nol» filminiň dünýä premýerasy boldy

26-njy sentýabrda 64-nji Nýu-Ýork kinofestiwalynda ýaponlaryň «Godzilla: Minus nol» filminiň dünýä premýerasy boldy.

«Godzilla: Minus bir» filminiň gönüden-göni dowamyny onuň režissýory Takasi Ýamadzaki düşürdi. Görkeziliş festiwalyň ýörite gala-maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi.

Premýera Ýamadzaki we filmiň aktýorlary gatnaşdy.

Filmdäki wakalar 1949-njy ýylda — «Godzilla: Minus bir» filminiň tamamlanmagyndan iki ýyl soň ýaýbaňlanýar. Filmiň dowamy uruşdan soňky Ýaponiýada täze heläkçilik bilen ýüzbe-ýüz bolýan Sikisima maşgalasy barada gürrüň berýär.

Filmiň hronometražy 135 minuta deň bolup, ol ýapon dilinde düşürildi we festiwal görkezilişleri üçin iňlis dilindäki subtitrler taýýarlandy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!