| Ashgabat | 33°C
Jemgyýet 05.09.2026, 15:01 6

Türkmenistanyň käbir sebitlerine täze prokurorlar bellenildi

Türkmenistanyň käbir sebitlerine täze prokurorlar bellenildi

4-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda döwlet Baştutany prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly resminamalara gol çekdi.

Degişli Karara laýyklykda:

2-nji derejeli ýurist Azat Şähergeldiýew Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň prokurory wezipesine;

2-nji derejeli ýurist Sapaguly Rasulgulyýewiç Welbekow Mary welaýatynyň Mary şäheriniň prokurory wezipesine;

2-nji derejeli ýurist Baýrammuhammet Çarymämmet ogly Ýaryýew Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi.

ýustisiýanyň geňeşçisi Serdar Otuzowiç Hojamgulyýew Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň prokurory wezipesinden;

2-nji derejeli ýurist Şirguly Bäşimkulyýewiç Şirkulyýew Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň prokurory wezipesinden;

ýustisiýanyň geňeşçisi Döwletgeldi Gurbanmämmedowiç Mämmetamanow Mary welaýatynyň Mary şäheriniň prokurory wezipesinden;

ýustisiýanyň geňeşçisi Batyr Rozmyradowiç Artykow Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!