| Ashgabat | 30°C
Syýasat 10.09.2026, 18:44 5

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirildi
Фото: https://mfa.gov.tm/

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň dowamynda GDA-nyň gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek, şeýle hem döwlet we ýokary derejedäki öňde boljak çäreleriň taýýarlygy bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.

Taraplar GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu ýylyň 7 we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek mejlislerine taýýarlyk meselelerine aýratyn garadylar.

Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki öňde boljak çäreleriň guramaçylyk meseleleri we olaryň gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!