Türkmenistanyň Mejlisinde ABŞ-nyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Kristin Hokinsiň arasynda duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda Mejlisiň Başlygy ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldawy bilen Mejlisiň wekilleri üçin «Açyk dünýä» maksatnamasy boýunça guralan okuw saparynyň parlament işini we milli kanunçylygy kämilleşdirmekde, tejribe alyşmakda hem-de dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýtdy. Şeýle taslamalaryň geljekde hem dowam etdirilmegine goldaw bildirilendigi bellenildi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!