Kronenberg şäherinde ahalteke bedewleri bilen bagly çäreler badalga alýar
4-nji sentýabrda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde ahalteke bedewleri bilen bagly giň gerimli, köpugurly çäreler badalga alýar.
Niderlandlar atly sport babatda Ýer ýüzünde öňdebaryjy ýurtlaryň biri hasaplanýar. Şeýlelikde, 4-nji sentýabrda ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty öz işine başlaýar.
Çempionatyň çäginde dürli ýaşdaky ahalteke atlarynyň arasyndaky gözellik we dressaž bäsleşikleri, «Ahalteke bedewi: türkmeniň dünýewi seýisçilik sungaty» atly halkara ylmy-amaly maslahat, şeýle-de konkur, Ýewropanyň iň gowy bedewini saýlamak, atlaryň gözelligini sungat eserlerinde wasp etmek boýunça bäsleşikler, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisi, türkmen atçylyk sungatyna, medeniýetine, çeper döredijiligine we Ýewropanyň atçylyk pudagyna bagyşlanan sergi, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlary, medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti guralar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!