Koreýada türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynda Koreýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi Begenç Durdyýew talyplara ýurdumyzda bolup geçýän möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalar, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy tarapyndan öňe sürülýän daşary syýasat başlangyçlary barada maglumat berdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnamanyň halkara ähmiýetine aýratyn üns berildi. Bu Kararnamanyň kabul edilmeginiň Türkmenistanyň halkara hukugyny berkitmek, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem parahatçylygyň, ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýörelgelerini öňe sürmek boýunça yzygiderli tagallalarynyň ähmiýetini görkezýändigi bellenildi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!