| Ashgabat | 25°C
Jemgyýet 03.09.2026, 19:08 1

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Konsullygynda maslahat we sergi geçirildi

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Konsullygynda maslahat we sergi geçirildi
Фото: https://mfa.gov.tm/

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Konsullygynyň binasynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň, şeýle hem Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň halkara ähmiýetine bagyşlanan maslahat geçirildi.

Bu dabaraly çärä Aktau şäherinde bilim alýan türkmen talyp ýaşlar, Mangistau welaýatynyň çäginde ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri hem-de Konsullygyň işgärleri gatnaşdylar.

Çärä gatnaşyjylara Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan alnyp barylýan işler, halkyň bähbidi üçin jemgyýetçilik we syýasy ulgamdaky orny hem-de Baky Bitarap diýarymyzyň geljekki ösüşiniň ugurlaryny kesgitlemekdäki ähmiýeti barada giňişleýin maglumatlar berildi.

Şeýle hem Halk Maslahatynyň dowamynda alnyp barylan işleriň jemleriniň jemlenilmegi, gazanylan üstünlikleriň seljerilmegi we uzak möhleti nazarlaýan geljek üçin ileri tutulýan wezipeleriň kesgitlenilmeginiň meýilleşdirilýändigi beýan edildi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjyna aýratyn üns bermek bilen birlikde, Kararnamanyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan dünýäniň 78 döwletiniň awtordaşlygynda kabul edilendigi barada maglumat berildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!