| Ashgabat | 33°C
Bildiriş 21.09.2026, 11:59 5

«Türkmenistan» kinokonsert merkezinde dynç alyş günleri çäreler we kino görkezilişleri bolar

«Türkmenistan» kinokonsert merkezinde dynç alyş günleri çäreler we kino görkezilişleri bolar

«Türkmenistan» kinokonsert merkezi ýaş tomaşaçylara we olaryň ene-atalaryna unudylmajak duýgulary hem-de ajaýyp keýpiçaglyk bagyşlajak gyzykly we köpdürli baýramçylyk maksatnamasyny taýýarlady.

26-njy sentýabrda ýaş kino muşdaklaryna «Jadyly ertekiler: çagalarymyz üçin kosmos başdan geçirmeleri» atly maksatnamanyň çäklerinde hyýaly we başdan geçirmeler dünýäsine gyzykly syýahat garaşýar. Şol gün uly ekranda ýakymly we täsirli filmler tomaşaçylara ýetiriler:

15:00-da — tolgundyryjy «Meniň ýabany dostum» («Мой дикий друг») çeper filmi;
17:00-da — gülkili «Maskanyň ogly» («Сын маски») komediýasy;
19:00-da — gyzykly «Aždahany nädip eldekileşdirmeli» («Как приручить дракона») animasion filmi.

28-nji sentýabrda sagat 16:00-da «Biz we çagalar» atly joşgunly we ajaýyp tomaşa başlanar. Körpeje myhmanlara täsin şüweleň garaşýar. Maksatnamada şadyýan masgarabazyň, çalasyn žonglýoryň we geň galdyryjy gözbagçynyň çykyşlary, şeýle hem gamçyly bilen gyzykly şowhun we hytaý tarelkalary bilen jadylaýjy çykyşlar orun alýar.

Giňişleýin maglumat almak we petekleri öňünden sargyt etmek üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz:

49-26-58
862 00-31-21

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!