Germaniýada Rim imperiýasyndan galan kümüş teňňe tapyldy
Höwesjeň arheolog Oliwer Ridl Germaniýanyň Köln şäheriniň etegindäki meýdanda imperator Adrianyň döwrüne degişli kümüş teňňeleriň hazynasyny tapdy.
The Guardian neşiriniň habar bermegine görä, bu Germaniýada tapylan gadymy rim hazynalarynyň iň ulusy we dünýäde möçberi boýunça bäşinji uly tapyndydyr.
Tapyndy 934 dinariden ybarat bolup, onuň umumy agramy 3,1 kilograma barabardyr. Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, olaryň bahasy 500 müň ýewro bolup biler.
Hazyna, çaklamalara görä, II asyryň ikinji ýarymynda gömlüpdir. Iň gadymy teňňeler b.e. öňki 148-nji ýyla degişlidir. Iň soňky teňňeler bolsa b.e. 125-nji ýylynda imperator Adrianyň şekili bilen zikgelenipdir.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!