| Ashgabat | 31°C
Syýasat 03.09.2026, 15:06 6

Aşgabatda biodürlüligi gorap saklamak boýunça milli seminar geçirildi

Aşgabatda biodürlüligi gorap saklamak boýunça milli seminar geçirildi
Фото: https://mfa.gov.tm/

Aşgabatda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we Ählumumy ekologiýa gaznasynyň biodürlüligi gorap saklamak boýunça Milli strategiýany we Hereketleriň meýilnamalaryny täzelemek hem-de Biodürlülik hakynda BMG-niň Konwensiýasy boýunça Ýedinji milli hasabaty taýýarlamak boýunça Ählumumy taslamasynyň çäklerinde milli seminar geçirildi.

Iki günlük seminaryň dowamynda Türkmenistanyň 2026–2035-nji ýyllar üçin biodürlüligi gorap saklamak boýunça Milli strategiýasynyň we Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasy, şeýle hem Biodürlülik hakynda BMG-niň Konwensiýasynyň çäklerinde milli hasabatlylygy taýýarlamak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Seminaryň geçirilmegi Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we biodürlüligi gorap saklamak babatda ýurduň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!