«Parahatçylyk: çagalaryň sesi» ady bilen yglan edilýän döredijilik bäsleşigi
2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4–12-nji synplarynda okaýan okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» ady bilen yglan edilýän döredijilik bäsleşigi.
I.Umumy düzgünle
Şu Düzgünnama «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň (mundan beýläk – «Döredijilik bäsleşigi») maksatlaryny, wezipelerini, şertlerini we geçiş tertibini kesgitleýär.
Bäsleşigiň esasy maksady – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli watançylyk, parahatsöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda hem-de milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemekden, ýaşlaryň tebigy zehinlerini ýüze çykarmakdan we olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekden, ýaş nesilleriň arasynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk medeniýetini giňden wagyz etmekden hem-de çagalaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan egsilmez buýsançlaryny aýan etmekden ybaratdyr.
II. Döredijilik bäsleşiginiň şertleri we geçiş tertibi
Döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4–12-nji synp okuwçylary gatnaşýarlar. Okuwçylaryň Watan ezizligini, bagtyýar çagalygy, parahatçylykly ösüşi, dostlukly gatnaşyklaryň ähmiýetini, hormatly Prezidentimize we berkarar döwletimize bolan çuňňur söýgüsini açyp görkezýän hem-de «Dünýä dursun parahat!» diýen temada ýazan düzmeleri, çeken suratlary we ýasan maketleri degişlilikde bäsleşigiň etrap (şäher), Aşgabat we Arkadag şäherleri hem-de welaýat tapgyrlarynyň Guramaçylyk toparyna hödürlenilýär.
Döredijilik bäsleşiginiň her tapgyrynda, eminler topary tarapyndan ýerlerden saýlanyp alnan işler bäsleşigiň indiki tapgyryna gatnaşdyrylýar.
Döredijilik bäsleşiginiň her bir tapgyrynyň ýeňijileri boýunça degişli resminamalar şol tapgyr tamamlanandan soň, nobatdaky tapgyryň Guramaçylyk toparyna 5 (bäş) günüň dowamynda hödürlenilmelidir:
- eminler toparynyň saýlanan döredijilik işleri boýunça çykaran çözgüdi we her bir işe berlen syn;
- gatnaşyjynyň dogluş hakynda şahadatnamasynyň ýa-da raýat pasportynyň göçürmesi;
- gatnaşyjynyň okaýan umumybilim berýän orta mekdebiniň müdiri tarapyndan tassyklanan kepilnamasy;
- gatnaşyjynyň ýaşaýan ýeriniň salgysy we habarlaşmak üçin telefon belgileri;
- 3x4 sm ölçegdäki 2 sany fotosuraty.
Döredijilik bäsleşigine gatnaşýan okuwçylaryň hödürleýän işlerinde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň gazanýan ýokary ösüşleri, parahatsöýüjilik ýörelgeleri, döwletimizde durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler we ýetilen sepgitler, hemişelik Bitaraplygymyzyň gazananlary (şol sanda maket görnüşinde), «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň belent mazmuny, ýaşlaryň bagtyýar durmuşy hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň çeper keşbi wasp edilmelidir.
Döredijilik bäsleşigine hödürlenýän «Dünýä dursun parahat!» diýen temadaky düzmeleriň möçberi 3 sahypadan köp bolmaly däldir.
Döredijilik bäsleşigine hödürlenýän surat eserleri 50x70 sm ölçegdäki kagyza guaş reňkleri arkaly plakat görnüşinde çekilip, çarçuwa salnan (ramkalanan) bolmalydyr. Bäsleşige hödürlenýän maketleriň ölçegi hem 50x70 sm ululykda taýýarlanmalydyr.
Döredijilik bäsleşiginiň welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher tapgyrlarynda saýlanyp alnan hem-de jemleýji döwlet tapgyryna hödürlenýän işler welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň baş bilim müdirlikleri, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň degişli ýerli bölümleri we Geňeşleri tarapyndan tassyklanan bolmalydyr.
Döredijilik bäsleşigi aşakdaky tertipde we möhletlerde geçirilýär:
- birinji tapgyr: 2026-njy ýylyň 1–7-nji oktýabry aralygynda umumybilim berýän orta mekdeplerde geçirilýär. Bu tapgyrda bäsleşigiň yglan edilen ugurlarynyň her biri boýunça tapawutlanan döredijilik işleriniň 2-si saýlanylyp alynýar we nobatdaky tapgyra hödürlenilýär;
- ikinji tapgyr: 2026-njy ýylyň 12–20-nji oktýabry aralygynda etraplarda we şäherlerde geçirilýär. Bu tapgyrda ugurlar boýunça tapawutlanan işleriň 3-si saýlanylyp alynýar we indiki tapgyra hödürlenilýär. Ikinji tapgyrda ýeňiji bolan hem-de işeňňir gatnaşan okuwçylar gurnaýjy edaralaryň ýerli bölümleri tarapyndan sylaglanýar;
- üçünji tapgyr: 2026-njy ýylyň 3–11-nji noýabry aralygynda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçirilýär. Bu tapgyra etrap we şäher tapgyrlarynda ugurlar boýunça 1-nji, 2-nji hem-de 3-nji orunlary eýelän işler gatnaşdyrylýar. Tapgyrda ýeňiji bolan we işeňňir gatnaşan okuwçylar gurnaýjy edaralaryň ýerli bölümleri tarapyndan sylaglanýar. Üçünji tapgyryň ýeňijileriniň işleri 2026-njy ýylyň 20-nji noýabryna çenli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Umumy orta bilim bölümine gowşurylmalydyr;
- Jemleýji döwlet tapgyry: 2026-njy ýylyň dekabr aýynyň birinji ongünlüginde Aşgabat şäherinde geçirilýär. Bu tapgyra bäsleşigiň welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher tapgyrlarynda ugurlar boýunça 1-nji hem-de 2-nji orunlary eýelän işler gatnaşdyrylýar.
Bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyryny guramaçylykly geçirmek we eminlik etmek üçin Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň wekillerinden, şeýle hem ýurdumyzyň tanymal döredijilik işgärlerinden ybarat Eminler topary döredilýär.
Bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyrynda yglan edilen 3 ugruň her biri boýunça degişlilikde 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlara mynasyp bolan döredijilik işleri kesgitlenilýär. Eminler toparynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.
Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa işjeň gatnaşanlara gurnaýjy edaralaryň (Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň) Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşurylýar. Bäsleşikde ýeňiji bolan döredijilik işleri «Güneş» žurnalynyň sahypalarynda çap edilýär.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 44-86-40;
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-89-99, 44-88-81.
«Güneş» žurnalynyň redaksiýasy: 38-61-70.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!