Gruziýada guralan halkara okuw treningine türkmenistanly talyplar gatnaşdylar
Türkmenistanyň ýokary hünär bilimi edaralarynyň wekilleri Gruziýa Respublikasynyň Bilim, ylym we ýaşlar ministrliginiň guramagynda geçirilen halkara ýaşlar okuw treningine ýokary işjeňlikde gatnaşdylar.
Bu halkara çäre 5–10-njy sentýabr aralygynda Gruziýanyň ajaýyp künjekleriniň biri bolan Kahetiýa welaýatynyň Kwareli şäherinde geçirildi.
Bu halkara taslamada Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary wekilçilik edýärler.
Halkara okuw türgenleşigi döwrebap bilim bermek, ýaşlaryň özara tejribe alyşmagyny gazanmak, olaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen guralýar.
Çäräniň çäginde gatnaşyjylar üçin dürli mowzuklar boýunça amaly sapaklar, interaktiw seminarlar we medeni çäreler guralyp, ýaşlaryň giň gözýetimini we liderlik başarnyklaryny ösdürmäge uly mümkinçilikler döredilýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!