| Ashgabat | 27°C
Ykdysadyýet 15.09.2026, 16:05 6

Türkmen startaplary San-Fransisko gitmek ugrunda bäsleşer

Türkmen startaplary San-Fransisko gitmek ugrunda bäsleşer

19-njy sentýabrda Aşgabatda «Startup World Cup 2026» halkara bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçiriler.

Onda on iki sany iň gowy türkmen startapy öz taslamalaryny iňlis dilinde tanyşdyrar. Saýlama bäsleşigi sagat 14:00-dan 17:00-a çenli «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezindäki «Bilelik Hub-da» geçiriler.

Myhmanlar üçin giriş mugt bolar.

«Startup World Cup» — bu Pegasus Tech Ventures wençur gaznasy tarapyndan guralýan dünýä derejesindäki bäsleşik.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyry 2026-njy ýylyň 4–6-njy noýabry aralygynda San-Fransisko şäherinde geçiriler. Oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan 200-den gowrak taslama gatnaşar, ýeňiji bolsa 1 million dollar möçberinde baýrak alar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!