Ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy
Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy. Bu barada 2-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda wise-premýer H.Geldimyradowyň şu ýylyň dokuz aýynyň makroykdysady görkezijileri baradaky hasabatynda bellenildi.
Şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 3 göterime, gurluşykda 6,7 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterime, söwdada 8,4 göterime, oba hojalygynda 4,1 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy.
Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 9,9 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy.
Bölek satuw haryt dolanyşygy 10,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 8,3 göterim ýokarlandy.
Ýanwar — sentýabr aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 100,1 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,2 göterim ýerine ýetirildi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!