Türkmenistanly türgenler Bütindünýä Çarwadarlar oýunyna gatnaşýar
Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde täze gurlan «Bişkek Arena» stadionynda VI Bütindünýä Çarwadarlar oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi.
Bu halkara sport-medeni çäresine dünýäniň 100-den gowrak döwletinden türgenler gatnaşýar. Oýunlaryň maksatnamasyna medeniýet, etnosport we ylym ugurlary girizilip, sportuň 43 görnüşi boýunça bäsleşikler geçirilýär. Olaryň hatarynda milli göreş, at çapyşyklary, ýaýdan ok atmak, aň-paýhas oýunlary we beýleki milli sport görnüşleri bar.
Ýaryşlara Türkmenistanyň türgenleri hem gatnaşyp, türkmen milli göreşi we sportuň beýleki görnüşleri boýunça öz ussatlyklaryny görkezerler.
Bütindünýä Çarwadarlar oýunlary Merkezi Aziýanyň halklarynyň milli däp-dessurlaryny, medeni mirasyny we etnosport görnüşlerini dünýä jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrmaga hyzmat edýän möhüm halkara çäreleriň biridir.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!