Türkmenistanly ýaşlar howanyň üýtgemegi boýunça geçirilen maslahata gatnaşdylar
Türkmen ýaşlary Samarkant şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň howanyň üýtgemegi, suw we durnukly ösüş meselelerine bagyşlanan “RCOY Central Asia 2026” sebit ýaşlar konferensiýasyna gatnaşdylar.
Oňa Türkmenistandan, Özbegistandan, Owganystandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Azerbaýjandan, Mongoliýadan we Türkiýeden 100-e golaý ýaş ekologlar we bilermenler gatnaşdylar.
Çäräniň çäklerinde sebit ýaşlarynyň döwlet edaralarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň we hyzmatdaş guramalaryň wekillerine gowşuryljak beýannamasy hem tanyşdyryldy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!