Türkmen wekiliýeti Ankarada geçirilen maslahata gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Ankara şäherinde geçirilýän «Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynda akuşerçilik işinde ösüşi çaltlandyrmak» atly sebitleýin maslahata gatnaşdy.
Maslahat strategiki gepleşikleri öňe sürmek, milli tejribeleri halkara standartlaryna gabat getirmek hem-de enäniň we çaganyň saglygyny goramakda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak üçin meýdança bolup hyzmat edýär.
Duşuşygyň maksady durnukly sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, howpsuz eneligi üpjün etmäge we saglygy goraýyş ulgamlaryny berkitmäge gönükdirilen köpýyllyk milli hereketler meýilnamalaryny işläp düzmek arkaly akuşerçilik işiniň ilkinji derejeli ösüşini goldamakdan ybaratdyr.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!