| Ashgabat | 30°C
Syýasat 04.09.2026, 14:48 4

Türkmenistan Bitaraplygyň dostlary toparynyň garaýşyny beýan etdi

Türkmenistan Bitaraplygyň dostlary toparynyň garaýşyny beýan etdi
Фото: https://mfa.gov.tm

BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda «Parahatçylyk medeniýetini ilerletmekde zenanlaryň liderligi» atly Parahatçylyk medeniýeti boýunça Hereketler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan ýokary derejeli forum geçirildi.

Forumyň plenar mejlisinde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew Parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş üçin Bitaraplygyň dostlary toparynyň adyndan, şeýle hem milli derejede çykyş etdi.

Çykyşda parahatçylyk medeniýeti bilen bitaraplyk syýasatynyň özara ýakyn arabaglanyşygy bellenildi. Bu ýörelgeler BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80/294 belgili Kararnamasynda hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen 80/262 belgili «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamasynda öz beýanyny tapýar.

Çykyşda zenanlaryň öňüni alyş diplomatiýasyna, parahatçylyk gepleşiklerine we irki duýduryş mehanizmlerine gatnaşmagyny giňeltmäge, şeýle hem zenan araçylar, parahatçylygy berkitmäge goşant goşýan zenanlar we zenanlaryň ýolbaşçylygyndaky guramalar üçin goldawy güýçlendirmäge aýratyn üns berildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!