Ýurdumyz Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň toparyna başlyklyk eder
BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň toparynyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilleriniň nobatdaky duşuşygy geçirilip, 2027–2028-nji ýyllar üçin Toparyň ýolbaşçylyk edarasynyň täze düzümi saýlandy.
Toparyň agzalarynyň biragyzdan goldawy bilen Türkmenistan görkezilen döwür üçin Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň toparynyň Başlygy wezipesine saýlandy. Ýurdumyz başlyklyk ygtyýarlyklary 2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlanar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!