Tramp emeli aňa täze at dakdy
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp emeli aňy mundan beýläk «super aň» diýip atlandyrmalydygyny yglan etdi. Onuň pikiriçe, «emeli» sözi, hamana, gürrüň haýsydyr bir ýasama zat hakda gidýän ýaly ýalňyş düşünje döredýär.
Amerikan lideriniň BMG-niň Baş Assambleýasyndaky çykyşy Ak Tamyň YouTube-kanalynda ýerleşdirildi.
Mundan ozal Tramp özüniň ilkinji prezidentlik döwründe döredilen Kosmos güýçlerine meňzeş emeli aň güýçleriniň dörediljekdigini hem aýdypdy.
Ol EA tehnologiýasyny ABŞ-nyň jemi içerki önüminiň 25 göterimine çenli bölegini eýeläp biljek «täze senagat öwrülişigi» diýip atlandyrdy we ony haýallatmak hakyndaky çagyryşlara garşydygyny duýdurdy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!