Toyota düýbünden täze Corolla modelini taýýarlaýar
Toyota kompaniýasy eýýäm geljek ýylda peýda bolup biljek Corolla modeliniň täze neslini taýýarlaýar.
Deslapky maglumatlara görä, adaty sedan indi liftbek gabarasynda, zarýad berilýän gibrid we doly elektrik görnüşde çykarylyp bilner.
Corolla Toyota-nyň iň köp satylýan modelleriniň biri bolmagynda galýar: ýylyň ilkinji alty aýynda ABŞ-daky dilerler eýýäm 131 403 awtomobil satdy. Bu geçen ýylkydan 9,5% köp. Häzirki modeliň eýýäm on ýyla golaý wagt bäri çykarylýandygyny göz öňünde tutsaň, bu görkeziji haýran galdyrýar.
Täze Corolla-nyň dizaýnynyň 2025-nji ýylda Japan Mobility Show sergisinde hödürlenen Corolla konseptine çalymdaş bolmagyna garaşylýar.
Car and Driver neşiriniň maglumatlaryna görä, awtomobil häzirki sedan bilen hetçbegiň aýratynlyklaryny özünde jemleýän liftbek kuzowyna geçirilip bilner.
Şol bir wagtda Toyota girdejililigi ýokarlandyrmak üçin modelleriň görnüşlerini azaltmaga çalyşýar, bu Corolla hataryna hem täsir edip biler.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!